Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez. Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur: bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany, ine, şudur» diýdi. Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.
Выбор основного перевода