Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer: «Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris, seniň adyňy alsak bolýar, bizi utançdan gutar». Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr. Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz. Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“. Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi. Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!
Выбор основного перевода