Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şäheriň uly we belent diwarlary, on iki derwezesi bardy. Her derwezäniň agzynda bir perişde bardy. Derwezelere ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ady ýazylgydy. Diwar ýaşma daşyndan gurlupdy. Şäheriň özi bolsa tegmiltsiz aýna ýaly sap altyndan bina edilipdi. Şäher diwarynyň binýatlary her dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. Birinji binýady ýaşma daşy bilen bezelendi, ikinjisi goýy reňkli pöwrize daşy, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, bäşinjisi sardoniks, altynjysy gyrmyzy sardoniks, ýedinjisi altyn-sary daş, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy goýy sary daş, onunjysy pöwrize, on birinjisi mämişi reňkli daş, on ikinjisi benewşe reňkli gymmatbaha daşlary bilen bezelendi. On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy.
Выбор основного перевода