Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn. Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir. Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar. Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn». sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi. Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Onuň taglymatyna haýran galdylar, sebäbi Isa adamlara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
Выбор основного перевода