Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse), Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar? Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady. Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi. Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz». Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär. «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm. «Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn. Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar.
Выбор основного перевода