Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda. Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn. Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“». Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna. Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar. Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň. Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar. Galalaryndan titreşip çykarlar. Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip, Senden heder ederler.
Выбор основного перевода