Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar. Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler. Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň. Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň! Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar. Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler. Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler. Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
Выбор основного перевода