Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär. Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder. «Bulary ýatla, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň; siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi, eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn. Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.
Выбор основного перевода