Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar. Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly. Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin? Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi. Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi. Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy. Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Выбор основного перевода