Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar. Eý, Babyl gyzy, eý, weýran bolmuş, seniň bize edenleriňi gaýtarjak nähili bagtly! Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin Öz şöhratymy. Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“. Eý, biçäre Müsür halky, Gilgada git-de, melhem al! Dermany köp içmegiň puçdur; seniň derdiňe şypa ýokdur. Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.
Выбор основного перевода