Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi». Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň. Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler. Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin, Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler. Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi! «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
Выбор основного перевода