Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!» Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz, Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar. «Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin. Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz. Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin. Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin. Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony. Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar. «Men, hawa, Men gepledim, ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar. Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi.
Выбор основного перевода