Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin». Maňa meňzeýän barmy? Ol aýan etsin, gadymy halky berkarar edelim bäri bolup geçenleri aýdyp bersin ol; geljek zatlary yglan etsin, indi boljak zatlary habar bersin. Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin». Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin. Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk». Men size näme boljagyny öňünden aýdýaryn. Bular amala aşan wagty siz Meniň kimdigime göz ýetirersiňiz, Maňa ynanarsyňyz.
Выбор основного перевода