Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady. Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň. Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris. Isa Mesihiň ýaşaýşy bedenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini elmydama bedenimizde göterýäris. Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.
Выбор основного перевода