Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim? Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin. Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme? Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda». Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir. Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler. Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň; olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar. Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».
Выбор основного перевода