Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gökler Seniňki, Ýer-de Seniňki, Sen berkarar etdiň älemi, ondaky ähli zatlary. Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany, Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy. Bardyr Seniň kuwwatly goluň, Seniň eliň güýçli, goluň belentdir. Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar. Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi. Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär: Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.
Выбор основного перевода