Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler. Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol. Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi. Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar. Asmandaky ýyldyzlar ýere paýyrdap döküldiler. Olar bişmedik injirleriň güýçli ýeliň zarbyna ýere dökülişi ýaly gaçdylar. Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.
Выбор основного перевода