Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin. «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Reb Sion gyzynyň diwaryny weýran etmegi ýüregine düwdi. Ölçeg ýüpüni gerip, ýykmakdan el çekmedi. Daşky, içki diwar doldy ýas bile, ikisi-de ýegsan boldy ýer bile. Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler. Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.
Выбор основного перевода