Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi. Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez. Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker. Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.
Выбор основного перевода