Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler. Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr. para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe! Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer. «Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar. Guşlardan doly kapasa ýaly, olaryň öýleri-de hileden doly. Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar, semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny. Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
Выбор основного перевода