Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin. Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr. Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar. Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym. Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda. Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.
Выбор основного перевода