Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar. Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin, Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar; Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri, Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin. Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.
Выбор основного перевода