Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar. Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy. Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!» Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady. Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi. Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy. Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy. Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy. Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy. Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez.
Выбор основного перевода