Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar. Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz. Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler. Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan. Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar. «Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.
Выбор основного перевода