Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi. Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar. Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler. Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar. Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer. Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir. Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.
Выбор основного перевода