Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Men kümşe gyzmaýan, altyny söýmeýän madaýlary olara garşy öjükdirýärin. Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar. Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim. Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.
Выбор основного перевода