Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan. Ybraýymyň gyrnak aýaly Keturanyň oňa dogrup beren ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik: Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň.
Выбор основного перевода