Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler. Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar. Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar». Iýerusalimiň üstüne çozan milletlerden aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler. Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez. Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer. Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler. Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.
Выбор основного перевода