Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan. Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň. Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi. Esgerleriňe seret, olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri duşmanlaryňa gujak açýar, derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
Выбор основного перевода