Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy. Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň. Iýerusalim bilen Samariýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly, Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik: Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“. Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? Ol näme üçin durup bilmedi? Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi. Köp esgerler büdredi, biri-biriniň üstüne ýykylyp: „Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza, dogduk mekanymyza dolanalyň“ diýdiler. Ol ýerde: „Müsür patyşasy faraon bir ýaňra, ol pursady elden sypdyrdy“ diýip gygyryň. Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir. Eý, Müsüriň ilaty, goşuňy düw, sürgün edilersiň! Memfis weýran bolar, ilatsyz bir haraba döner. Müsür bir enaýyja göle bolsa-da, demirgazykdan oňa gögeýin çozar. Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi. Duşman goşuny bilen hüjüm edende, ol süýrenip gaçýan ýylan ýaly haşşyldar. Duşman agaç çapýan deý Müsüre garşy eli paltaly çozar. Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar, muny Reb aýdýandyr. Olar çekirtgelerden-de köpdür, hasaby ýok, san-sajaksyzdyr. Müsür gyzlary uýada galar, demirgazyk halkynyň eline berler“. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.
Выбор основного перевода