Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar. Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn. Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin! Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da. Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny, nazarynda gymmatly olaryň gany. Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar. Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin». bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.
Выбор основного перевода