Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar. Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar. Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler. Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär: Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy. Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler. Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň? Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň! Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede? Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim? Atyň büdremän çölden geçişi dek olar-da büdremediler.
Выбор основного перевода