Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar». Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Metekamma galasyny piliştlileriň elinden aldy. Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler. Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi. Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy. Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar». Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar. Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň. Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar. Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana. Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»
Выбор основного перевода