Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gögüň sütünleri sarsýar, Hudaýdan gorkularyna titreşýär. Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler. Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler. Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri sarsdyraryn. «Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt. Şol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi.
Выбор основного перевода