Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez. Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz. Näme bar bolsa, oňa eýýäm at goýlandyr; ynsanyň nämedigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim? Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?
Выбор основного перевода