Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Güýji bilen deňzi togtatdy Ol, äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen. Sen maslyk kimin mynjyratdyň Rahaby, güýçli goluň bilen pytratdyň ýagylaryňy. Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym. Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.
Выбор основного перевода