Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi. Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär. Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä. Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň. Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry, Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy. Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar: «Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.
Выбор основного перевода