Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy. Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy. Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim. Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda, suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly, Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme? Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim? Rebbiň Ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi? Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim?
Выбор основного перевода