Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, depelerindäki çyrasy sönýär. Gadamlarynyň bady gowşaýar, öz işleri ýykýar olary. Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bar, mesgeninde yzynda hiç kim galmaýar Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim? Bütin dünýäni Onuň ygtyýarynda goýan kim? Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa, bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler. Düşünjäň bolsa, diňle, sözüme gulak goý. Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy? Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary. «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn. Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!
Выбор основного перевода