Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, Seniň adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn. Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp, heşelle kaksyn, «Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn. Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde sadyk söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň. Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň! Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn, demim barka Hudaýyma alkyş okaryn. Merýem şeýle diýdi: «Janym Rebbi beýgeldýär, Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.
Выбор основного перевода