Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Düýş, gijeki görnüş arkaly, ynsanlary agyr uky basanda, düşeklerinde ýatyrkalar, ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, olary duýduryşlar bilen gorkuzýar. Ol muny ynsanlary pis işlerden, tekepbirlikden saklamak üçin, olaryň janyny gabyrdan, ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär. Düşeginde agyrylar bilen, süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalandyrýar. Şonda näsagyň işdäsi kesilip, ol lezzetli nahary-da ýigrenýär. Teni gurap, göze ilmeýär, görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur. Bir aýagy gabyrdadyr olaryň, bärsinden aňyrsy ýakyndyr. Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse, oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse, goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn. Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär. Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi. Ol janymy gabyrdan gutardy, indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär. Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan». Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin. Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy. Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода