Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin». oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse, Hudaý isleýşiňe görä saňa adalatlylyk bersinmi? Sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, şonuň üçin bilýäniňi aýt. Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar. Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi. Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.
Выбор основного перевода