Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar. Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur». Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme? Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim. sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir. Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!) Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär. Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir. Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme? Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.
Выбор основного перевода