Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr. Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr? Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär? Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar. Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok!
Выбор основного перевода