Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm. Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy. Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi. Ýa Reb, gökler öwgi aýtsyn gudratlaryňa, mukaddesler mejlisinde – wepadarlygyňa. Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm. Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler. Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy. Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.
Выбор основного перевода