Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir adam baýap, öýüniň şöhraty artsa, muny görüp, umytdan düşme. Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun! Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar? Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr. Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň. Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr. Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-‑mälimdir. Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.
Выбор основного перевода