Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym! Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim. Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, çadyrymy gorapdy. Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, çagalarymyňam bary töweregimdedi. Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, gaýadan zeýtun ýagy akardy! ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam, Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär. Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly! Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
Выбор основного перевода