Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn. Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebden ýüz öwürtmäge synanyşandyklary üçin, olary daşlap öldüriň. onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň. Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz. Ýadyňyzdamy, Zeranyň çowlugy Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan ogurlap, dönüklik edipdi. Munuň üçin bolsa jeza tutuş ysraýyl jemagatynyň üstünden indi. Bu günä üçin onuň diňe ýeke özi ölmändi“». Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi. Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi.
Выбор основного перевода