Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu gala we ondaky ähli zatlar Rebbe aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok edilmeli. Loluçylyk bilen gününi görýän Rahapdan we onuň öýündäkilerden başga ýekeje adam hem diri galmaly däldir, sebäbi Rahap biziň iberen içalylarymyzy gizläp saklady. Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz. Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr». Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi. Hanany diýen adam aýaly Sapfira bilen bir bölek mülküni satdy. Ol aýaly bilen dilleşip, mülküň pulundan bir paý özüne alyp galdy. Hanany puluň galanyny getirip, resullara berdi.
Выбор основного перевода