Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular. Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler. Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň. Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi.
Выбор основного перевода